Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Aşgabatda täze metjit açyldy


“Hezreti Omar” metjidi

26-njy sentýabrda Aşgabadyň Parahat-7 etrapçasynda “Hezreti Omar” atly täze metjidiň açylyş dabarasy boldy.

Türkmen döwlet habarlar gullugynyň (TDH) habaryna görä, bu dabara Türkmenistanyň müftisi, ýurduň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň ymamlary, ýaşulular hem-de ýaşaýjylar gantaşdy.

Täze metjit prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň kararyna laýyklykda, “Hoja Ahmet Ýasawy” dini guramasynyň buýurmasy esasynda “Aga gurluşyk” hojalyk kärhanasy tarapyndan guruldy.

Metjidiň umumy meýdany 13 müň indedördül metrden gowrak bolup, onuň minarasynyň beýikligi 63 mtere, merkezi we kiçi gümmezleriniň ölçegleri 40 we 23 metre deň.

Resmi habarda bu metjidiň gurluşygyna sarp edilen maliýe serişdesi barada hiç zat aýdylmaýar.

Soňky ýyllarda “Aşgabady abadanlaşdyrmak” şygary astynda paýtagtda alnyp barylýan gurluşyklaryň çäginde ençeme metjit ýykylyp, ýer-ýegsan edildi.

Bu metjitleriň arasynda paýtagtyň ozallar “Wosmoý” diýlip atlandyrylýan ýerinde ýerleşen “Aksa” metjidini, “Gaža” sebitinde ýerleşen “Hezreti Omar metjidini”, “Atamyrat” şaýolunyň ugrundaky “Ymam Ryza metjidini”, Türkmenistan-Eýran ýolunyň ugrundaky “Hezreti Aly metjidini”, “Partizan” köçesiniň ugrundaky “Ymam Agzyn metjidini”, ilat arasynda "Ilerki Garadamak" obasy diýilýän ýerdäki “Gurbanmämmet Ahun” metjidini, "Şor Garadamak" obasyndaky “Abadan” metjidini, “Çoganly” metjidini agzasa bolar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG