Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen küştçüleri Litwanyň milli komandasyndan ýeňildi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň ýygyndy komandasy Gürjüstanyň Batumi şäherinde geçirilýän 43-nji Bütindünýä küşt olimpiadasynda ilkinji ýeňlişi başdan geçirdi diýip, “Türkmenportal” neşiri ýazýar.

Türkmen hökümetine ýakyn websaýtyň 27-nji sentýabrda çap eden maglumatyna görä, olimpiadanyň ikinji tapgyrynda türkmenistanly küştçüler Litwanyň komandasyndan 1,5:2,5 hasap bilen ýeňildi.

Ýaryşyň birinji oýnunda halkara grossmeýsteri Maksat Atabaýewiň beýleki grossmeýster Sarunas Sulskis bilen oýnan oýny deňe-deň tamamlandy. Bütindünýä küşt federasiýasynyň ussady Azat Nurmämmedow we halkara ussat Ýusup Atabaýew hem, halkara ussatlary Tomas Laurusas we Titas Stremawiçýus bilen oýny parahatçylykly tamamladylar. Ýöne oýnuň soňky böleginde türkmen küştçüsi Saparmyrat Atabaýew halkara ussady Paulius Pultinewiçýusa ýeňildi diýlip, habarda aýdylýar.

Bütindünýä küşt olimpiadasynyň üçünji tapgyrynda türkmen küştçüleriniň Ýamaýkanyň komandasy bilen ýaryşmagyna garaşylýar. Bu olimpiadada dürli ýurtlardan gelen 184 komanda çykyş edýär.

XS
SM
MD
LG