Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Indoneziýa: Ýertitreme we suw joşguny sebäpli 400-e golaý adam öldi


Indoneziýa. Ýer titränden soň, gijäni daşarda geçirýän adamlar. Arhiw suraty, 6-njy awgust, 2018.
Indoneziýa. Ýer titränden soň, gijäni daşarda geçirýän adamlar. Arhiw suraty, 6-njy awgust, 2018.

Indoneziýanyň Sulawesi adasynda bolan güýçli ýertitreme we tsunami netijesinde Palu şäherinde 400-e golaý adam öldi, onlarça adam ýaralandy diýip, häkimiýetler 29-njy sentýabrda aýtdylar.

Resmiler häzire çenli ölen adamlaryň 384 bolandygyny, olaryň ählisiniň suw joşgunynyň pidasydygyny we pidalaryň sanynyň artjaga meňzeýändigini aýtdylar.

28-nji sentýabr agşamy, 350 müň çemesi adamyň ýaşaýan ýerinde bolan 7.5 magnitýudly ýer yranmasyndan soň, Paluny 2 metre çenli ýokary galan tsunamy süpürip geçdi.

Ýerli telewideniýe stansiýalaryndan efire berlen öwrenje wideolary suwuň Palu şäheriniň kenar ýakalaryndaky jaýlara gelip urşuny, ýük konteýnerlerini dargadyşyny we metjidi sil alşyny görkezdi.

"Pidalaryň jesetleri birnäçe ýerden tapyldy, sebäbi olar ýa ýykylan binalaryň aşagynda galdy, ýa-da tsunaminiň zarbyna akyp gitdi” diýip, betbagtçylyk howpuny kemeltmek boýunça milli agentligiň sözçüsi Sutopo Purwo Nugroho aýtdy.

XS
SM
MD
LG