Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Indoneziýa tebigy harasatlardan soň halkara kömegini soraýar


Indoneziýaly resmiler Sulawesi adasynda ölenleriň sanynyň 832-ä baryp ýetendigini habar berdiler.
Indoneziýaly resmiler Sulawesi adasynda ölenleriň sanynyň 832-ä baryp ýetendigini habar berdiler.

Indoneziýa halkara jemgyýetçiligine ýüzlenip, ýurtda dörän tebigy harasatlardan soň halas ediş işlerini geçirmek we zerur serişdeler bilen üpjün etmek üçin ýardam sorady.

Indoneziýaly resmiler 7.5 bal derejesindäki ýer yranmasy we soňundan bolan suw joşmasy, tsnunami netijesinde Sulawesi adasynda ölenleriň sanynyň 832-ä baryp ýetendigini habar berdiler.

Prezident Joko Widodo harabaçylyklaryň arasynda galanlary halas etmek üçin gyssagly agyr tehniki serişdeleriň gerekdigini mälim etdi. Ol häzir ýurtda ýangyjyň, elektrik togunyň we azyk önümleriniň ýetmezçilik edýändigini hem sözüne goşdy.

Bu aralykda, tebigy harasatlarda heläk bolanlary jaýlamak üçin duşenbe güni mazar ýerleri taýýarlanyp başlandy.

Indoneziýanyň premýer-ministri ölenleriň sanynyň “müňlerçä” ýetip biljekdigini duýdurdy.

Gyzyl Haç tebigy harasatlaryň 1.6 million adama täsir ýetirendigini çaklaýar.

XS
SM
MD
LG