Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Ukrainanyň gündogaryndaky magdan käninde dörän partlamada üç oglan öldi


Horliwkada Russiýanyň goldaýan separatistleri bilen Ukrainanyň hökümet güýçleriniň arasynda agyr çaknyşyklar gidýär.

Ukrainanyň gündogarynda, separatisleriň gözegçilik edýän sebitindäki magdan käninde dörän partlamada üç oglan okuwçy öldi.

Donetskiň separatist lideri partlamanyň Horliwka şäherinde ýüze çykandygyny aýtdy.

Bu sebitde Russiýanyň goldaýan separatistleri bilen Ukrainanyň hökümet güýçleriniň arasynda agyr çaknyşyklar gidýär.

Horliwkanyň häkimi ölenleriň 13-15 ýaş aralygyndaky oglanlar bolandygyny aýtdy. Hadysada 10 ýaşly başga-da bir oglan ýaralanypdyr. Oňa häzir medisina kömegi berilýär.

Ukrananyň gündogaryndaky uruşda 2014-nji ýylyň aprelindän bäri 10 müň 300 töweregi adam öldürildi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG