Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranda arakdan zäherlenip ölenleriň sany 42-ä ýetdi


1979-njy ýyldaky Yslam rewolýusiýasyndan soň, Eýranda alkogol içgileri gadan edildi
1979-njy ýyldaky Yslam rewolýusiýasyndan soň, Eýranda alkogol içgileri gadan edildi

Eýranda ýakynda ýasama arakdan zäherlenip ölenleriň sany 42-ä ýetdi diýip, ýurduň Saglyk ministrligi maglumat berdi.

Ministrligiň aýtmagyna görä, soňky üç hepdäniň dowamynda, ýurduň bäş welaýatynda gaçak alkogolly içgilerden zäherlenip 460 adam keselhana ýerleşdirilip, olaryň 16-sy kör bolupdyr.

Hormozgan etrabynyň adalat resmisi ýasama alkogol içgilerini öndürmekde we satmakda şübhelenip ýedi adamyň tussag edilendigini aýtdy.

1979-njy ýyldaky Yslam rewolýusiýasyndan soň, Eýranda alkogol içgileri gadagan edilipdi. Bu düzgüni bozanlara pul jerimesi salynýar ýa-da gamçylama jezasy berilýär.

Emma, gadagançylyga garamazdan eýranlylar daşardan getirilen we öý şertlerinde ýasalyp “gara bazarda” satylýan alkogol içgilerini alýarlar.

XS
SM
MD
LG