Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan ABŞ-ny harby kömegi dikeltmäge, Owganystan babatda hyzmatdaşlyga çagyrýar


Pakistanyň daşary işler ministri Şah Mehmood Kureşi
Pakistanyň daşary işler ministri Şah Mehmood Kureşi

Pakistanyň daşary işler ministri Birleşen Ştatlary gowy gatnaşyklary we harby kömegi dikeltmäge, Yslamabady Owganystana ediläýn jeňçi hüjümlerinde günälemegi bes etmäge çagyrdy we hatda, owgan urşuny soňlamak üçin, “Talyban” bilen gepleşikleri hem goldamagy wada berdi.

Şah Mehmood Kureşi Waşingtona 3-nji oktýabrda, Pakistanyň täze premýer-ministri Imran Hanyň Owganystan babatdaky strategiýasyny düşündirmäge bardy.

Ozalky kriket ýyldyzy, harby çäre görmäge derek, uzak wagt bäri “Talyban” we beýleki yslamçy jeňçiler bilen gepleşik geçirmegiwagyz edýär.

Waşington $300 million harby kömegi keseninden soň, Kureşi ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeonyň Pakistany “diňlemäge taýýardygyny” we özüniň Yslamabada ozalkylara garanda has umytly dolanýandygyny, ýagny gatnaşyklaryň gowulanjagyna we fondlaryň dikeldiljegine bil baglaýandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG