Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet we Saud Arabystany 'ýuwaşjadan' nebit çykarmagy köpeltmek barada ylalaşyk baglaşdy


Saud Arabystanynyň energiýa ministri Khalid al-Falih (Ç) rus kärdeşi Aleksandr Nowak bilen. Pekin, 2017. Arhiw suraty
Saud Arabystanynyň energiýa ministri Khalid al-Falih (Ç) rus kärdeşi Aleksandr Nowak bilen. Pekin, 2017. Arhiw suraty

Orsýet we Saud Arabystany, bahalaryň galmagyny haýallatmak üçin, sentýabrdan dekabra çenli aralykda nebit çykarmagy köpeltmek barada ylalaşyk baglaşdy diýip, “Roýters” habar gullugy habar berýär.

Bu plandan habarly çeşmeler 3-nji oktýabrda rus we saud energiýa ministrleriniň geçen aý geçirilen tapgyrlaýyn duşuşyklarda ylalaşyga gelendiklerini aýtdylar.

Eýran nebitiniň alyjylarynyň ABŞ-nyň Tährana garşy girizýän sanksiýalary esasynda bu ýurt bilen söwdalaryny azaltmaklary netijesinde, Brent markaly çig nebitiň her barreliniň bahasy şu hepde 85 dollara galdy, bu şu ýylda bahalaryň 27 prosente çenli ýokary galandygyny aňladýar.

ABŞ maýda Eýran bilen dünýä döwletleriniň 2015-nji ýylda baglaşan ýadro ylalaşygyndan çykdy we geçen aý eýran ykdysadyýetine garşy ozal ýatyrylan sanksiýalary dikeltmäge başlady.

Bu sanksiýalar Eýranyň ýadro programmasyny jylawlamagynyň deregine ýatyrylypdy.

Sanksiýalaryň ikinji tapgyry, Eýranyň nebit pudagyna gönükdirilen gadaganlyklar bolsa, noýabrda güýje girmeli.

Şu aralykda ABŞ adminstrasiýasy beýleki ýurtlaryň eýran nebitini almaklaryny bes etmegine basyş görkezip, ýangyç bahalaryny aşaklatmak üçin, nebit eksport edýän ýurtlary (OPEC) nebit öndürmegi artdyrmaga çagyrdy.

XS
SM
MD
LG