Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan hökümeti urşy hususylaşdyrmak tekliplerini ret edýär


Prezident Aşraf Gani bu teklibi gaýta-gaýta ret etdi .
Prezident Aşraf Gani bu teklibi gaýta-gaýta ret etdi .

Owgan resmileri daşary ýurtly harby şertnamaçylaryň owgan ýaragly güýçlerine tälim we geňeş-maslahat bermegi öz ellerine almagy baradaky teklibi ret etdiler.

Bu ret etme “Blackwater” howpsuzlyk kompaniýasyny esaslandyryjy we onuň ozalky baş direktory Erik Prinsiň ABŞ-nyň Owganystandaky harby operasiýalaryny bölekleýin hususylaşdyrmak teklipleriniň gaýtadan öňe sürülmegi bilen bagly. Ol geçen birnäçe hepde içinde Owganystandaky uruşda daşary ýurt esgerlerini däl-de, hakyna tutulan adamlary ulanmak teklibini erjellik bilen öňe sürdi.

Yrak urşy döwründe öz kompaniýasy bilen tanymallyk gazanan Prins golaýda bu plany maslahatlaşmak üçin Kabula sapar etdi we birnäçe owgan syýasatçysy, media söhbetdeşlikleri arkaly öz teklibini gaýtalady.

Owgan resmileri ABŞ-nyň harby geňeşçileriniň hakyna tutulan adamla bilen çalşyrylmagy hökümetiň kanunylygyny mundan aňryk hem gowşadar diýen pikiri öňe sürýärler.

Prezident Aşraf Gani bu teklibi gaýta-gaýta ret etdi we Milli howpsuzlyk geňeşiniň edarasy 4-nji oktýabrda bu teklibi ýazgarýan beýanat çap etdi. Onda urşy hususlaşdyrmak gürrüňleri“ýykgynçylykly we bölüji çekişme” diýip häsiýetlendirilýär.

XS
SM
MD
LG