Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanlylar 1948-nji ýylyň ýer titremesiniň pidalaryny ýatlaýarlar


Ýykylan Aşgabat. Arhiw suraty
Ýykylan Aşgabat. Arhiw suraty

Türkmenistanda 1948-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda bolan Aşgabat ýer titremesiniň pidalarynyň hatyrasy tutulýar. Bu ýer titremesine şu ýyl 70 ýyl dolýar.

Türkmen sowet ensiklopediýasynyň maglumatlaryna görä, ýer sarsgynynyň güýji episentrde, Rihteriň 12 bally ölçeginde 10 çemesi bolupdyr.

Sarsgynyň güýji Aşgabat şäherinde, Änewde, Guryhowdanda, Gyrtluda 9 bal, Gorjawda, Büzmeýinde, Gökdepede, Yzgantda 8 bal, Bokurdakda, Arçmanda, Kakada 6 bal, Tejende, Bamyda 5 bal, Maryda, Çärjewde, Daşoguzda, Nebitdagda 4 bal bolupdyr.

Emma ölenleriň sany birbada aýdylmaýar we soňra 20 müň çemesi adamyň ölendigi yglan edilýär, ýöne şaýatlar, pidalary eli bilen jaýlanlar bu hadysada azyndan 50 müň adamyň ölendigini çaklaýarlar.

Şaýatlaryň gürrüň bermeklerine görä, hadysada ýaraly bolanlaryň, goňşy respublikalara hasshana äkidilenleriň hem hasaby ýöredilmändir.

Olaryň içinde çagalar-da, orta ýaşanlar-da, garrylar-da bolupdyr we 15-20 ýyl soňra özüniň türkmendigini bilip, yzyna gelenler, asla yzyna gelmedikler-de bar diýip, ýaşaýjylar aýdýar.

Ýer yranmasynyň pidalarynyň aglaba köplügi Aşgabatdaky Didarbaba, Goçgarata, Garadamak, Çopanata gonamçylyklarynda jaýlanypdyr.

Bularyň Çopanata gonamçylygyndan başgasy, Aşgabady abadanlaşdyrmak programmasynyň çäginde, üstünden gurluşyk düşmegi ýa park gurulmagy netijesinde, soňky ýyllarda doly ýykyldy diýip, ýerli ýaşaýjylar habar berdiler.

70 ýyllygynyň bellenilýändigine garamazdan, Aşgabat ýer titremesinde anyk näçe adamyň wepat bolandygy, näçe adamyň ýitendigi henize çenli hem belli däl we taryhçylaryň geçiren barlaglarynyň netijeleri, şaýatlaryň ýatlamalary çap edilmeýär.

XS
SM
MD
LG