Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystan gaçyp gelen hytaýly gazaga oturym bermekden boýun gaçyrýar


Saýragül Sauytbaý
Saýragül Sauytbaý

Gazagystan sudda beren görkezmeleri demirgazyk-günbatar Hytaýdaky “täzeden terbiýeleýiş lagerleri” diýilýänleriň üstüni açmaga kömek eden hytaý raýatyna oturym bermekden boýun gaçyrdy.

Merkezi Aziýa döwletiniň migrasiýa komiteti 5-nji oktýabrda etniki gazak, hytaý raýaty bolan Saýragül Sauytbaýyň syýasy gaçybatalga talabyny ret etdi.

Sud awgust aýynda ony, iki ýurduň arasyndaky serhetden bikanun geçendigi üçin, Hytaýa ekstradiisiýa etmäge rugsat bermedi, oňa derek şertli tussaglyk berdi we soň azat etdi.

Sauytbaý Hytaýdan aprel aýynda gaçdy we Almatydaky sudda müňlerçe etniki gazagyň, uýguryň we beýleki musulmanlaryň Sinjiaň welaýatyndaky lagerde “täzeden terbilenilýändigini” gürrüň berdi.

Sauytbaýyň aklawçysy Abzal Kuspanow AFP habar gullugyna bu karara “garaşylandygyny”, sebäbi Hytaýyň öz Gazagystan ýaranyna “örän güýçli täsiriniň bardygyny” aýtdy.

Ol özleriniň bu karardan şikaýat etjekdilerini hem sözüne goşdy.

BMG-niň adam hukuklary resmileri awgustda 1 million çemesi uýguryň Hytaýdaky “ekstremizme garşy merkezlerde”, ýene millionlarça adamyň gaýtadan terbiýeleýiş lagerlerinde mejbury saklanylýandygyny aýtdylar.

BMG-niň agentligi Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky Sinjiaň welaýatynyň “ägirt uly içerki lagere” meňzeýändigini aýtdy.

Sauytbaý hytaý häkimiýetleriniň özüni täzeden terbiýeleýiş lagerleride “syýasy instruktor” bolmaga taýýarlandygy barada görkezme berdi.

XS
SM
MD
LG