Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türk resmileri ýiten žurnalist saud konsullygynda ölendir öýdýär


Jamal Kaşoggi (Khashoggi)
Jamal Kaşoggi (Khashoggi)

2-nji oktýabrda Saud Arabystanynyň Stambuldaky konsullygyna gireli bäri tapylmaýan tanymal saud žurnalistiniň ykbaly baradaky gorky-howatyrlar güýçlenýär.

6-njy oktýabrda sitirlenen türk çeşmeleriniň sözlerine görä, Saud Arabystanynyň täç geýdirilen şazadasy Mohammed bin Salmanyň tankytçysy Jamal Kaşoggi (Khashoggi) ölendir öýdülýär.

Ady aýdylmadyk resmileriň biri onuň “ýörite öldürmek üçin iberilen” saud topary tarapyndan öldürilendigini aýtdy.

Konsullygyň bir resmisi bu aýdylýanlaryň “esassyzdygyny” aýtdy we saud derňewçileriniň howpsuzlyk delegasiýasynyň Stambula Haşşoginiň ýitirim bolmagyny derňemäge gelendigini sözüne goşdy.

Türk prokurorlary bu iş boýunça jenaýat derňewini açdylar we şazada bin Salman türk häkimiýetleriniň konsullyga gözleg-agtaryş işlerini geçirmek üçin gelip biljekdiklerini, “özlerinde ýaşyrar ýaly zadyň ýokdugyny” aýtdy.

Türkiýäniň Daşary işler ministrligi Haşogginiň ýitirim bolmagyna düşündiriş soramak üçin Saud Arabystanynyň ilçisini çagyrdy.

XS
SM
MD
LG