Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran parlamenti terrorçylygy maliýeleşdirmäge garşy gönükdirilen kanun taslamasyny tassyk etdi


Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif
Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif

Eýranyň parlamenti kanunlary halkara standartlaryna laýyk getirmegi we ýurduň BMG-niň terrorçylygy maliýeleşdirmäge garşy konwensiýasyna (CFT) goşulmagyna ýol açmagy maksat edinýän kanun taslamasyny tassyk etdi.

7-nji oktýabrdaky ses berişlikde bu kanun taslamasynyň peýdasyna jemi 143 deputat ses berdi, 120 deputat garşy çykdy, bäş kanun çykaryjy bolsa saklandy diýip, ýerli media habar berýär.

Bu kanun taslamasy indi, kanuna öwrülmezinden öň, dini edara, Goragçylar geňeşi tarapyndan hem tassyk edilmeli.

"Eger-de biz bu konwensiýa goşulsak, ähli problemalarymyz aýrylar diýip, ne men kepillik berip bilýärin, ne-de prezident” diýip, daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif parlamentdäki çekişme mahalynda aýtdy.

“Emma men oňa goşulmazlygyň ABŞ-a biziň problemalarymyzy artdyrmaga has kän tutaryk berjegini welin kepillendirip biljek” diýip, Zarif sözüniň üstüni ýetirdi.

Eýran dünýäniň dürli ýerlerinde hereket edýän terrorçy toparlary goldamakda güman edilýär.

XS
SM
MD
LG