Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda “Talyban” 10 ofiseri öldürdi, köprüleri ýykdy


Owgan hökümet güýçleri. Wardak welaýaty, Owganystan. 7-nji oktýabr, 2018 ý.
Owgan hökümet güýçleri. Wardak welaýaty, Owganystan. 7-nji oktýabr, 2018 ý.

Owganystanyň merkezi Wardak welaýatynda hökümet güýçleriniň “Talyban” jeňçileri bilen çaknyşmagy netijesinde azyndan 10 polisiýa işgäri öldürildi.

Owgan resmileriniň beren maglumatyna görä, jeňçiler magistral ýolunyň ugrundaky köprüleri hem weýran edipdirler.

Ýerli häkimiň metbugat wekili hüjümçileriň Saýeed Abad etrabyndaky barlag-gözegçilik nokatlaryny we hökümet binalaryny hem oda berendiklerini aýtdy. Onuň sözlerine görä, çaknyşyklarda beýleki 10 ofiser bilen bilelikde etrap polisiýasynyň başlygy hem öldürilipdir.

Çaknyşyklarda “Talyban” toparynyň hataryndan hem azyndan 25 jeňçi öldürilipdir.

XS
SM
MD
LG