Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kişinewda ýaşaýyş jaýynda dörän partlamada üç adam öldi


Ýangyn söndürijiler Kişenewyň ýaýaşyş jaýlarynyň birinde ýüze çykan partlamany seljerýärler.

Moldowanyň paýtagtynda köp gatly ýaşaýyş jaýynda dörän partlamada azyndan üç adam öldi.

Ýerli mediada Kişinewda ýüze çykan bu hadysa bilen baglylykda suratlar we wideo ýazgylar görkezildi.

Saglyk resmileri partlamada üç adamyň, şol sanda bir çaganyň heläk bolandygyny aýtdylar. Ýerli media ölenleriň sanynyň sekize ýetendigini aýtsa-da, hökümet wekilleri muny tassyklamadylar.

Käbir çaklamalara görä, parltama öýleriň biriniň balkonynda saklanan gaz konteýnirinden syzyp çykan gaz sebäp bolupdyr.

Adatadan daşary ýagdaýlar gullugynyň metbugat wekili kabir ýaşaýjylaryň, şäheriň umumy gaz üpjünçilik ulgamyna birikdirmän, “bikanun” ýagdaýda gazy saklaýandyklaryny belledi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG