Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň prezidenti “Türkmen owazy” teleradioýaýlymynyň başlygyny täzeledi


Türkmen TW-siniň işgärleri
Türkmen TW-siniň işgärleri

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 9-njy oktýabrda döwlet telewideniýesiniň “Türkmen owazy” teleradioýaýlymynyň başlygy Şöhrat Goçyýewi wezipesinden boşatdy diýip, TDH habar berdi.

Neşiriň maglumatyna görä, Goçyýew bu wezipeden “işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin” boşadylypdyr, emma habarda bu diýilýän kemçilikleriň detallary anyklaşdyrylmaýar.

Türkmenistanyň prezidenti köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini ýygy-ýygydan tankyt edýär we wagtal-wagtal, “işde goýberen kemçilikleri üçin” diýip, döwlet eýeçiligindäki telewideniýäniň we gazet-žurnallaryň ýolbaşçylaryny täzeläp durýar.

Emma türkmenistanly ýuristleriň käbiri prezidentiň bu hili ýokardan gatyşmalarynyň türkmen habar serişdeleriniň düzgünnamalarynda beýan edilýän kada-kanunlara gabat gelmeýändigini, prezidentiň habar serişdeleriniň ýolbaşçylaryny işe belläp, işden aýyrmakdan başga ygtyýarlyklarynyň hem ýeterlikdigini öňe sürýärler.

Döwlet baştutany “Türkmen owazy” teleradioýaýlymynyň başlygy wezipesine Begli Beşerowy belledi.

XS
SM
MD
LG