Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda ÝOJ-a girip bilmedik ýaşlar näme etmeli?


Türkmen talyplary
Türkmen talyplary

Türkmenistanda ozalky ýyllarda hem bolşy ýaly – ýokary okuw jaýlaryna kabul edilip bilinýän raýatlara girizilen çäkler we para-berim sebäpli – müňlerçe uçurumyň türkmen ÝOJ-laryna girip bilmändigi aýdylýar.

Eýsem, ýokary bilem almak isleýän türkmenistanly ýaşlaryň öňünde nähili alternatiwalar bar? Türkmen studentleri üçin haýsy ýurtlaryň ÝOJ-ň şertleri amatly? Daşary ýurtlarda okaýan türkmen studentleriniň bu ugurda nähili tejribeleri bar we olar nähili maslahat berýärler?

Türkmenistanda ÝOJ-a girip bilmedik ýaşlar näme etmeli?
please wait

No media source currently available

0:00 0:06:25 0:00

Gepleşigiň bu sanyny Türkmenistanda ÝOJ-na girip bilmedik ýaşlaryň geljek ykballaryna gönükdirýäris. Bu ugurda Türkiýede we Polşada okan türkmen talyby Aman Gylyjowyň (ady üýtgedilen – red.), Russiýada bilim alan türkmen talyby Begli Işanowyň (ady üýtgedilen – red.) beren gürrüňleirni we “Watandaş” lakamly okyjymyzyň galdyran teswirini dykgatyňyza ýetiýäris.

Aman Gylyjow, Polşada we Türkiýede okan türkmen talyby

Ilki bilen Türkmenistanda orta mekdebi tamamlap, ýokary okuw jaýlaryna girmäge dalaş edýän türkmen ýaşlary üçin daşary ýurtlarda dürli alternatiwalar we dürli okuw jaýlary bar. Olar barada "ilki bilen pylan ýurda ýa-da okuw jaýyna gitmeli“ diýmek nädogry bolarmyka diýýärin. Sebäbi her adamyň finans ýagdaýy, ÝOJ-dan garaşygy, maksady başgaça bolýar. Şonuň üçin daşary ýurtlarda studentlige dalaş edýän ýaş türkmen oglan-gyzlary özüne görä ýurt saýlamaly diýip pikir edýärin.

Özümden mysal getirenimde, men Türkiýede we Ýewropada okadym. Ilki başda daşary ýurtda okamak üçin ylaýta-da Türkiýäni saýlap almagymyň esasy sebäbi türk diliniň türkmen diline ýakyn bolmagy. Öz okaýan ÝOJ-mda köp materiallary öz ene dilime ýakyn dillerde okap bileklik üçin şu ýurdy saýlap aldym. Onsoň hem Türkiýe finans taýdan meniň üçin elýeterli ýurtdy. Ýöne, türkmen ýaşlarynyň arasynda maddy ýagdaýy has gowy bolanlar bar bolsa, dünýäniň iň kämil bilimi almak üçin Ýewropa ýurtlaryna gitseler has gowy alternatiwa bolarmyka diýýärin.

Ondan başga-da häzirki döwürde Hytaý, Günorta Koreýa we Hindistan ýaly ýurtlar hem türkmen ýaşlaryny özüne çekmek üçin ýaryşýarlar. Hat-da Hytaýda we Günorta Koreýada daşary ýurtly studentler üçin ýörite pul goldawyny berýän bilim programmalary bar. Olar bilen internetden tanyşyp bilerler. Men özümiň Ýewropadaky we Türkiýedäki tejribämden ugur alyp türkmen ýaşlaryna şeýle maslahat bermek isleýärin. Türkmen ýaşlary dünýäniň köp ýurdunda bar, ýagny okaýarlar.

Gyzyklanyp gören mahalyň özüňden owal hem şol ýurda giden türkmen ýaşlarynyň bardygyna göz ýetirýärsiň. Daşary ýurtlarda okamak isleýänlerine baran ýurtlarynda kynçylykly pursatlarda kömek edip, ýol görkezip biljek owaldan okap ýören türkmen ýaşlary bardyr. Sebäbi türkmen ýaşlary öz ýurdunda köp şert döredilmäni üçin ymykly daşary döwletlere gidýärler.Dürli ýurtlarda okap özüne tejribe edinen köpsanly türkmen ýaşlarymyz bar. Dürli ýurtlara we medeniýetlere uýgunlaşyp bilmek häsiýeti hem şolara berlen ýaly.

Şonuň üçin türkmen ýaşlaryna öz durmuşdaky garaşygyna we öz isleglerine görä ýurt saýlamagy maslahat berýärin. Ýöne, edip bilseler dünýäniň has kämil ýurtlaryna gitmäge synanyşsynlar. Öz ýagdaýy barka yzagalak ýurtlara gitmekden, has gowusy Türkmenistandan hem öňdebaryjy hat-da dünýäniň iň ýokary tehnologiýalaryna, hünärmenlik we sosial bilimlerine eýe bolan ýurtlaryna gitmegi, olaryň özüni ykjam taýynlamagyna kömek eder.

Begli Işanow, Russiýada okan türkmen talyby

Orsýetde okamak hem edil olar ýaly aňsat däl. Ýöne, Türkmenistandan tapawudy bar. Orsýetdäkiler hem "ojagaşy-buşagaşy“, podarkajyk (sowgat, halat-serpaý, aklyk) almagy söýýärler. Okaýan ýeriňdäki mugallymlara sowgat berilýär. Emma, edil Türkmenistandaky ýaly ummasyz puldan söz edilenok. Orsýetdäkileriň hemmesi bu ýurda okap ýörenok. Olaryň käbiri Stambula gidip işleýärler we gazanan pulundan mugallymlaryna berýärler.

Para ýagdaýy edil Türkmenistandaky ýaly bolmasa-da bu ýerde hem bar biraz. Şeýdip para berip, işläp, okuwyna gelmän ýörenler hem bar. Ukrainada okaýan türkmen studentleriň arasynda hem şeýle edýänler bar. Käbirleri Türkiýä gidip, şol ýerde işläp galyp, soň mugallymlaryna pul berip, şeýle ýagdaýda geçip ýörenler hem bar. Edil häzir prezidentimiziň aýdyşy ýaly şertlerini ýerine ýetirseler, onda Orsýetde okamak has amatly we gowy bolardy.

Sebäbi, ene-atalar biziň okuwymyz üçin bankyň üstünden puly tölemekde gaty kösenýärler. Şony prezidentimiz bankdan göni okuwyň hasabyna geçirmeli diýen biziň we hemmeler üçin gaty amatly ýagdaýa öwürdi. Ýöne, bankyň işgärleri barýan adamlar bilen gyzyklanyp, olara kömek etmeýärler bu ugurda. Okuwyň puluny wagtynda geçirseler. Ynha häzir henize çenli täze okuw ýylynyň puluny ibermediler.

Talap edilen resminamany eltýärsiň welin ýene başgasyny talap edýärler. Hemme getirmeli hatlary birden aýtmaýarlar. Geçen ýylka garalanda ýene täze üýtgeşmeler girizilipdir. Ýene konsulhana gidip, bir topar resminama almaly edilipdir. Täze okuw ýylynda tölemeli pulumyz 3-4 göterim gymmatlady. Şol ýokarlanan okuw tölegi üçin hem gaýtadan bir topar resminama almaly. Orsýetde okuwymyz hem kyn.

Ýöne, Orsýetiň hem hemme ýerinde okuwlaryň şertleri birmeňzeş däl. Çeträk ýerlerinde okuw şertleri başgaçarak. Indi pulyň okuwa goýberilmegi barada bir topar täze resminamalar talap edilýändigi üçin awgust aýyndan bäri olary düzeldip bilemizok. Olaryň iberýän okuw tölegi pullary hem 2-3 aýda gelýär. Geçen ýyl 3 aýa çekdi. Prezident biziň ýagny daşary ýurtlarda bilim alýan studentler üçin şeýle kanun çykardy. Ýöne, näme üçin bankdakylar şony ýerine ýetirenoklar?

Edil häzir täzeden okuwa girmeli bolsa men Orsýete däl-de Türkiýä giderdim. Birinjiden Türkiýede ÝOJ-nda para almaýarlar. Ikinjiden eger bilimiň bolmasa ekzamenden hem geçirmeýärler. Size hem maslahatym şeýle eger hakykatdan hem okuw okamak isleýän bolsaňyz Türkiýä gidiň. Häzirki döwürde iň amatlysy şol ýer. Orsýetde okuw tölegleri dollar görnüşinde kabul edilýär. Türkiýede bolsa tölegler öz pulundan bolýar.

Olaryň dollar bilen işi ýok. Türkiýede okuw tölegleri ýyllyk ortaça 500-600 dollar bolsa, häzir walýuta bahalarynyň ýokarlanmagy bilen 200 dollara barabar bolýar. Okuw tölegleri ol ýerde walýutadan hasap edilmeýär. Şonuň üçinem özüňize, bilimiňize ynanýan bolsaňyz we çyndan okasyňyz gelýän bolsa, meniň maslahatym Türkiýe. Türkiýede okuwyň gapdalyndan işläp, özüňi goldap bilýärsiň. Şeýle-de diliň ýakyn ýagny meňzeş. Häzirki orta mekdebi gutaran ýaşlar üçin Türkiýe has amatly we mümkinçilik köp.

Watandaş (lakam), foruma gelen teswir

Men eýýäm 8 ýyl bäri daşary ýurtda ýaşaýan we iş/tejribe/diplom barada biraz tejribe edindim. Diploma iň möhüm zat däl. Esasy bir ugry gowy bilseň bolany. Gyzykly ýeri Türkmenistanda okasaňam-okamasaňam ÝOJ-larynda öwredilýän zat ýok (käbirlerinde, belki öwredilýändir).

Şol sebäpden ÝOJ-laryna gaty kagyz almak üçin girip bilmedik ýaşlar özlerini bir ugurdan ösdürjek bolmaly. Mysla üçin, iňlis dilini, rus dilini, kompýuter programalary, söwda/satyk, ekerançylyk, maldarçyly we s.m. Bulary öwrenmek üçin ÝOJ-laryna girmek gerek däl.

XS
SM
MD
LG