Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türk gazeti saudly žurnalistiň ýitirim bolmagy bilen baglylykda adam atlaryny çap etdi


 Jamal Khaşoggi
Jamal Khaşoggi

Türkiýäniň hökümete tarapdar gazeti 15 agzaly “kast ediş toparynyň” agzalarynyň şahsyýetlerini anyklandygyny, olaryň tanymal saudi žurnalistini nyşana almak üçin iberilendigini aýdýar.

Türk resmileri ol žurnalit Stambuldaky Saud ilçihanasynda öldürilen bolmasyn diýip howatyrlanýar.

“Sabah” gazeti 10-njy oktýabrda çykan sanynda türk şäherine Jamal Khaşogginiň ýitirm bolan gününde iki sany hususy uçarda gelen 15 saudlynyň atlaryny we suratlaryny çap etdi.

Bu suratlar bir aeroportda howpsuzlyk kamerasy tarapyndan düşürilipdir.

Khaşoggi 2-nji oktýabrda, türk söýgülisine öýlenmek üçin zerur bolan dokumentlerini düzetmek maksady bilen Stambuldaky saud konsullygyna baranyndan soň ýitirim boldy.

Türk resmileri onuň konsullygyň içinde öldürilendigine ynanýandyklaryny aýdýarlar, Saud Arabystany bu aýdylýanlary ret edýär.

Türkiýäniň howpsuzlyk çeşmeleri Khaşaogginiň konsullykda mahaly 15 sany saudlynyň Stambula gelip, konsullyga girendigini we biraz soň ýurtdan çykyp gidendigini aýtdylar.

Türkiýäniň Daşary işler ministrligi 9-njy oktýabrda saud häkimiýetleriniň Khaşogginiň ýitirim bolmagynyň derňewiniň çäginde Stambuldaky saud konsullygynda barlag geçirilemgine razylyk berendigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG