Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Soýuz” älem gämisinde awariýa boldy; ekipaž agzalary diri galdy


“Soýuz” älem gämisinde awariýa boldy
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:44 0:00

“Soýuz” älem gämisinde awariýa boldy

Amerikan we rus kosmonawtlaryny Halkara kosmos stansiýasyna eltmeli “Soýuz” älem gämisinde, uçuşdan tizara soň, näsazlyklar ýüze çykdy. “Soýuz MS-10” kysymly älem gämisi Gazagystandaky kosmodromdan uçupdy.

Kosmonawt Alekseý Owçinin we NASA-nyň astronawty Nik Hag (Nick Hague), adatdan daşary ýagdaýda, kapsulada sag-aman Gazagystanyň territoriýasyna gondular. Bu barada rus we ABŞ kosmos edaralary maglumat berdiler.

NASA we Roskosmos kosmonawtlaryň kapsulasynyň Gazagystanyň Žezkazghan şäherinden 20 kilometr gündogarda gonandygyny, şeýle-de olaryň ýagdaýynyň gowudygyny aýtdylar.

“Gözleg we halas ediş toparlary ‘Soýuz’ älem gämisiniň gonan sebitine bardylar. Olar ekipažyň iki agzasynyň ýagdaýynyň gowudygyny, şeýle-de olaryň kapsuladan çykandyklaryny habar berdiler” diýip, NASA habar berdi.

“Kosmonawtlar diri. Olar gondular. Olar tapyldylar” diýip, Baýgoňur kosmodromyndaky bir çeşme maglumat berdi.

Hag we Owçinin Ýerden 400 kilometr uzaklykda ýerleşýän Halkara kosmos stansiýasynda alty aý çemesi wagt bolmalydylar.

Roskosmosyň başlygy Dmitriý Rogozin wakanyň bolan sebitine ugrady. Şeýle-de, hadysany derňemek üçin ýörite topar döredildi.

Bu “Soýuz” älem gämisiniň 1975-nji ýyldan bäri ilkinji gezek heläkçilige uçramagy boldy.

Moskwanyň we Waşingtonyň gatnaşyklary Ukrainadaky we Siriýadaky uruşlar, şeýle-de Kremliň ABŞ-nyň saýlawlaryna gatyşandygy baradaky aýyplamalar sebäpli dartgynlaşypdy. Emma, iki ýurt kosmos giňişliginde hyzmatdaşlygy dowam etdirdiler.

XS
SM
MD
LG