Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bolgariýaly žurnalisti öldürmekde güman edilýän adam Bolgariýa ekstradisiýa ediler


Merhum Wiktoria Marinowanyň hatyrasyna gül desseleri goýulýar, Ruse, 8-nji oktaýbr, 2018
Merhum Wiktoria Marinowanyň hatyrasyna gül desseleri goýulýar, Ruse, 8-nji oktaýbr, 2018

Germaniýanyň sudunyň 12-nji oktýabrda aýtmagyna görä, bolgariýaly teležurnalisti zorlamakda we öldürmekde güman edilýän adam ýakyn günlerde Bolgariýa ekstradisiýa ediler.

Germaniýanyň Kelle şäheriniň baş regional sudunyň beýanatyna görä, zulumkeş bolmakda güman edilýän 20 ýaşly adam zenany "öldürmek islemändigini we ony zorlamandygyny aýtdy".

"Tussag edilen adam 2018-nji ýylyň 6-njy oktýabrda pida bilen sözde tersleşendigini boýun aldy" diýlip beýanatda aýdylýar.

Suduň aýtmagyna görä, güman edilýän adam güýçli alkogolyň we neşäniň tasiri astynda bolupdyr we Marinowanyň ýüzüne urupdyr "şu sebäpden hem ol ýykylypdyr".

Germaniýanyň häkimiýetleri Bolgariýanyň ýüzlenmesi boýunça 9-njy oktýabrda ele salnan adamyň adyny agzamaýarlar.

Bolgariýanyň häkimiýetleri onuň Ruse şäherinden Sewerin Krasimirowdygyny aýdýarlar. Prokurorlaryň zerur düzgünleri berjaý etmeginden soň onuň 21-nji oktýabrda ekstradisiýa edilmegi mümkin.

Marinowa Bolgariýanyň telewideniýesinde "Müdir" atly gepleşigi alyp barýardy. Bolgariýaly prokurorlar žurnalistiň öldürilmeginiň onuň işi bilen bagly bolmandygyny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG