Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanyň daşary işler ministri wezipesinden çekildi


Erlan Abdyldaýew.

Gyrgyzystanyň uzak wagtlyk daşary işler ministri ýurduň Günorta Koreýadaky ozalky ilçisi bilen dörän dawadan soň wezipesinden çekildi.

Mundan öň, Gyrgyzystanyň Seuldaky ilçisi Kylyçbek Sultan ministrlikde parahorlugyň höküm sürýändigini aýdyp, daşardan gaçybatalga gözlemekçi bolýandygyny aýdypdy.

Gyrgyzystanyň Daşary işler ministrliginde çap edilen beýanata görä, alty ýyllap ýurduň baş diplomaty bolan Erlan Abdyldaýew özüniň işden gidýändigi baradaky arzasyny tabşyrypdyr, prezident Sooronbaý Jeenbekow hem arzany kabul edipdir.

Şol günüň özünde, ozalky ilçi Kylyçbek Sultan Jeenbokowyň hökümetini ykrar etmeýändigini, şeýle-de daşary döwletleriň birinden syýasy gaçybatalga sorandygyny mälim etdi.

Prezidentiň edarasy Jeenbekowyň hem Abdyldaýewi, hem-de Sultany eýeleýän wezipelerinden boşadandygyny aýtdy.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG