Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp Putiniň adam öldürilmegine 'belki' gatnaşygynyň bardygyny aýtdy


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp, Waşington, 10-njy oktýabr, 2018
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp, Waşington, 10-njy oktýabr, 2018

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň adamlaryň janyna kast edişliklere gatnaşygynyň "belki" bardygyny aýtdy we Orsýetiň ABŞ-nyň syýasatyna goşulyşmagy baradaky sözlerini gaýtalady.

Şeýle-de, Tramp ABŞ-nyň goranmak sekretary James Mattisiň wezipesinden çekilip-çekilmezlik planlaryndan özüniň habarsyzdygyny aýtdy, emma "demokrat görnüşli" dört ýyldyzly general wezipesinden çekilmeli diýip pikir edýändigini belledi.

Trampyň bu çykyşy CBS telewideniýesiniň öňünden ýazgy edilen "60 minut" atly gepleşiginde 14-nji oktýabrda görkezildi.

Giň göwrümli bu diskussiýa Demirgazyk Koreýa, ABŞ-nyň tupanlara garşy tagallalary, Saud Arabystanynyň žurnalistiniň Türkiýede ýitirim bolmagy we howanyň üýtgemegi ýaly meseleleri öz içine aldy.

CBS telewideniýesiniň alyp baryjysy Lesley Stahl Putiniň öz tankytçylarynyň öldürilmegine gatnaşygy barada öňe sürülýän aýyplamalar barada Trampyň pikirini soranda, Tramp "Belki-de, ol şeýledir, hawa. Belki" diýip, jogap berdi.

Tramp Putiniň gatnaşan bolmagyny çak edip agzan adam öldürmelerini anyklaşdyrmady. Soňky ýyllarda Orsýetiň lideriniň ençeme tankytçysy zäherlenipdi ýa-da gümürtik şertlerde aradan çykypdy. Moskwa ähli aýyplamalary ret edýär.

Tramp Orsýetiň ABŞ-nyň syýasy sistemasyna goşulmagy barada berlen sowala jogap berip, Moskwanyň goşulýandygyna özüniň ynanýandygyny aýtdy, emma "Hytaý hem goşulyşýar" diýip sözüniň üstüne goşdy.

XS
SM
MD
LG