Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow türkmen delegasiýasyny garşy almak dabarasy üçin Mirziýaýewe minendarlyk bildirdi


Türkmenistanyň we Özbegistanyň prezidentleri G.Berdimuhamedow (s) we Şawkat Mirziýaýew (ç)
Türkmenistanyň we Özbegistanyň prezidentleri G.Berdimuhamedow (s) we Şawkat Mirziýaýew (ç)

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistanyň prezidenti bilen telefon söhbetdeşligini geçirip, Täjigistana otluly giden türkmen delegasiýasyny garşy almak boýunça Termez şäherinde geçirilen dabara üçin minnetdarlyk bildirdi.

"Özbegistanyň üstünden Täjigistana ugran Türkmenistanyň wekilleriniň üstüne jogapkärçilikli missiýa goýuldy - olar milli taryhy-medeni mirasynyň baýlygyny görkezmek arkaly goňşy dost ýurtlarynyň önümli gumanitar kontaktlaryny pugtalandyrmaga goşant goşmaly" diýip Berdimuhamedowyň Mirziýaýewe aýdandygyny türkmen mediasy habar berdi.

Täjik resmilerine görä, 14-15 oktýabrda Täjigistanda geçirilen türkmen medeniýetiniň günlerine gatnaşmak üçin ýurda türkmen resmilerinden we medeni wekillerinden düzülen 350 adamlyk resmi topar barypdyr.

Medeni çäreleriň we duşuşyklaryň ençemesi Duşenbede we Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynda geçirildi. Täjigistanyň bu regionlarynda türkmenler köplük bolup ýaşaýarlar. Olaryň umumy sany 30 mün çemesi adama barabar.

Türkmen mediasynyň 15-nji oktýabrda habar bermegine görä, türkmen we özbek prezidentleriniň telefon gepleşiginde gozgalan ýene bir meseläniň çäginde Berdimuhamedow özbek oba hojalyk tehnikasynyň Türkmenistanyň şertlerinde özüni oňat görkezendigini belläp, ony mundan beýläk satyn almak niýetini mälim etdi.

2017-nji ýylyň mart aýynda Aşgabatda Özbegistanyň oba hojalyk tehnikasyna hyzmat ediş merkez açyldy. Şonda iki ýurduň ýolbaşçylary özbek tehnikasyny Türkmenistanda ýygnamak boýunça merkezi açmak planlaryny yglan edipdi.

XS
SM
MD
LG