Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Eýranyň Rewolýusiýa sakçylary Ahwazdaky hüjümiň “arkasynda duranyň” öldürilendigini aýdýar


22-nji sentýabrda Ahwazdaky parada edilen hüjümden pursatlar.

Eýranyň Yslam rewolýusiýa sakçylary geçen aý ýurduň Ahwaz şäherindäki harby parada edilen hüjümiň “arkasynda duranyň” öldürilendigini aýtdy. Şol hüjümde 24 adam heläk bolupdy.

Sakçylaryň ýaýradan beýanatyna görä, Yrakdaky ygrarly güýçler “Ahwazaky terroristik hüjümiň arkasynda duran” Abu Zaha diýilýän adamyň, başga-da dört jeňçiniň öldürilendigini belledi.

Eýranyň döwlet habar serişdeleri Abu Zahanyň “Yslam döwleti” ekstremistik toparynyň agzasy bolandygyny aýtdy.

“Yslam döwleti” ekstremistik topary, şeýle-de Eýrandaky etniki araplaryň “Ahwaz Milli Garşy Duruş” topary 22-nji sentýabrda Ahwazdaky amala aşyrylan hüjümiň jogapkärçiligini öz üstlerine alypdylar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG