Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Zarif ABŞ-nyň sanksiýalarynyň “eýranlylaryň adam hukuklaryny bozýandygyny” aýtdy


Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif.
Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif.

Eýranyň daşary işler ministri ABŞ-nyň Tährana garşy girizen sanksiýalarynyň eýranlylaryň adam hukuklaryny bozýandygyny, şeýle-de “ABŞ-nyň sanksiýalar baradaky ýapjalygynyň kontroldan çykandygyny” aýtdy.

Daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif özüniň Twitter hasabynda Eýranyň Basij harbylary bilen ilteşikde aýyplanyp, ýurduň iki bankyna we başga-da birnäçe kompaniýasyna girizilen gadagançylyklaryň, Halkara Adalat Kazyýetiniň Eýran bilen gumanitar söwda päsgel bermeli däl diýen kararyna çapraz gelýändigini aýtdy.

Zarif sanksiýalara duçar bolan bir bankyň azyk önümlerini we däri-dermanlary import etmekde möhüm rol oýnaýandygyny aýdyp, onuň Basij harbylary bilen ilteşiginiň ýokdugyny ýaňzatdy.

Meýletinçilerden düzülen Basij harbylary Eýranyň dini liderleri tarapyndan girizilen gadagançylyklaryň ýurtda berjaý edilmegine gözegçilik edýärler.

XS
SM
MD
LG