Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nawalny “duel” çakylygyny kabul etdi


Russiýanyň oppozisiýa lideri Alekseý Nawalny
Russiýanyň oppozisiýa lideri Alekseý Nawalny

Russiýanyň oppozisiýa lideri Alekseý Nawalny ýurduň milli gwardiýasynyň başlygynyň duele çakylygyny kabul edip, onuň geçirilmeli ýerini we ‘ýaragyny’ hödürledi.

Nawalny özüniň YouTube kanalynda ýerleşdiren wideosynda Rosgwardiýanyň başlygy Wiktor Zolotowa ýaňsylama bilen “sag bolsun” aýdyp, telewideniýede debatlary, ýagny çekeleşikleri geçirmegi hödürledi.

Mundan birnäçe hepde öň – ozalky metalurgiýa işgäri we prezident Wladimir Putiniň howpsuzlyk gullugynyň başlygy bolan – Zolotow Nawalnyny duele çagyryp, ondan “kakmaç” ýasamagy wada beripdi.

Şol pursat, Nawalny hökümete garşy köpçülikleýin protestleri gurnandygy üçin tussaglykda saklanýardy.

“Men siziň çakylygyňyzy kabul edýärin. Men siziň teklibiňiziň esasynda onuň ýerini we ýaragyny hem saýlaýaryn... biziň duelimiz milli telewideniýede debat görnüşinde geçer” diýip, Kremliň ýiti tankytçysy Nawalny belledi.

XS
SM
MD
LG