Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saud Arabystany Stambuldaky konsulhanasynda žurnalistiň öldürilendigini boýun aldy


Khaşoggi 2-nji oktýabrda özüniň durmuş toýy üçin käbir dokumentleri almaga konsulhanana gireninden soň hiç görünmändi.
Khaşoggi 2-nji oktýabrda özüniň durmuş toýy üçin käbir dokumentleri almaga konsulhanana gireninden soň hiç görünmändi.

Saud Arabystany özüniň Stambuldaky konsulhanasynda ýitirim bolan žurnalist Jamal Khaşogginiň ölendigini aýdyp, onuň gazaply “ýakalaşyk” netijesinde heläk bolandygyny öňe sürdi. Bu barada saudlaryň döwlet eýeçiligindäki telewideniýesinde maglumat berildi.

Habar serişdelerinde, resmilere salgylanyp, žurnalistiň ölümi bilen baglylykda “Patyşalygyň düýpli gynanç bildirýändigi” aýdyldy.

Khaşoggi 2-nji oktýabrda özüniň durmuş toýy üçin käbir dokumentleri almaga konsulhana gireninden soň hiç görünmändi.

Saud derňewçileriniň deslapky maglumatyna görä, “[Khaşoggi] bilen Stambul konsulhanasynyň işgärleriniň arasynda dawa ýüze çykyp, soňy bilen-de onuň ölümine getiren ýakalaşyk döräpdir”.

Prokurorlar derňewiň dowam edýändigini we bu waka bilen ilteşikli häzire çenli 18 adamyň tussag edilendigini aýtdylar diýip, saud habar serişdeleri maglumat berdiler.

Saudlaryň jemgyýetçilik prokurory bu waka boýunça patyşa sudunyň maslahatçysynyň we aňtaw başlygynyň orunbasarynyň wezipelerinden çetleşdirilendigini mälim etdi.

XS
SM
MD
LG