Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saudlar TOPH-uň türkmen böleginiň gurluşygyna maliýe ýatyrdy


TOPH
TOPH

Saud Arabystany türkmen gazyny Owganystanyň we Pakistanyň üsti bilen Hindistana akdyrmaga mümkinçilik berjek, TOPH gazgeçiriji proýektiniň türkmen böleginiň gurluşygyna goşmaça maliýe serişdelerini bölüp berdi.

Bu barada anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde mälim edildi.

Türkmen döwlet habarlar gullugy munuň bilen baglylykda, saud ösüş gaznasy tarapyndan bölünip berlen maýa goýum serişdeleri daşary ýurt maýadarlarynyň TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyna gyzyklanma bildirýändigine şaýatlyk edýändigini öňe sürdi.

Bölünip berlen maýanyň möçberi aýdyňlaşdyrylmaýar.

Ekspertleriň pikirlerine görä, uzak ýyllardan bäri dilden düşmän gelýän TOPH geçirijisiniň gurulmagynyň öňünde iki sany esasy kynçylyk bolup, olaryň biri maliýe, 10 milliard dollar çemesindäki serişde meselesi bolsa, ikinjisi Owganystandaky howpsuzlyk ýagdaýlary.

XS
SM
MD
LG