Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanyň öňki prezidenti Atambaýewiň öňki geňeşçisi Orsýetde tussag edildi


Ikramjan Ilmiýanow
Ikramjan Ilmiýanow

Gyrgyzystanyň öňki prezidenti Almazbek Atambaýewiň öňki geňeşçisi maliýe galplyklarda şübhe bildirilip, Orsýetde tussag edildi we Gyrgyzystanyň kanun goraýjy häkimiýetlerine tabşyryldy.

Ikramjan Ilmiýanow Atambaýewiň soňky aýlarda korrupsiýada aýyplanyp, işden boşadylan we tussag edilen ençeme ýaranlarynyň biri.

Media maglumatlaryna görä, Gyrgyzystanyň Milli howpsuzlyk boýunça komiteti Ikramjan Ilmiýanowy 20-nji oktýabrda Orsýetiň Tatarstan respublikasynyň paýtagty Gazanda ele salypdyr.

Almazbek Atambaýew Gyrgyzystanyň prezidenti wezipesinden 2017-nji ýylyň noýabr aýynda çekildi. Onuň goly astynda işlän iki sany öňki premýer-ministri Sapar Isakow we Jantoro Satybaldiew korrupsiýa bilen bagly aýyplamalaryň esasynda iýul aýynda tussag edilipdi.

XS
SM
MD
LG