Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

ABŞ-nyň milli howpsuzlyk boýunça geňeşçisi Moskwada gepleşik geçirýär


ABŞ-nyň milli howpsuzlyk boýunça geňeşçisi John Bolton

ABŞ-nyň milli howpsuzlyk boýunça geňeşçisi John Boltonyň Moskwada geçirýän gepleşikleri prezident Donal Trampyň ABŞ-nyň ýadro ýaraglaryna gözegçilik etmek boýunça Orsýet bilen baglaşan sowuk uruş döwründäki ylalaşykdan çykmak hakyndaky sözleri bilen bagly dartgynlylygyň dörän wagtyna gabat geldi.

Moskwanyň ABŞ-nyň ylalaşykdan çykmak niýetine bildiren aladalanmalaryna Hytaý we Fransiýa goşuldylar. Orta aralyga niýetlenen ýadro ýaraglar boýunça 1987-nji ýylda baglaşylan ylalaşyk 500 we 5500 kilometr aralyga ýetmäge ukyply raketalaryň köpüsini gadagan edýär.

Bolton 22-nji oktýabrda Orsýetde prezident Wladimir Putiniň Howpsuzlyk geňeşiniň başlygy Nikolaý Patruşew bilen duşuşdy. Onuň günüň dowamynda Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow we 23-nji oktýabrda prezident Wladimir Putin bilen duşuşjagy habar berildi.

Duşuşyklaryň öňüsyrasynda Orsýetiň daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Rýabkowyň aýtmagyna görä, Orsýet Boltonyň ABŞ-nyň ylalaşyk boýunça pozisiýasyny aýdyňlaşdyrmagyna garaşýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG