Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystandaky hüjümde bir çeh esgeri öldi we başga-da iki sanysy ýaralandy


Owgan howpsuzlyk güýçleri
Owgan howpsuzlyk güýçleri

Owganystanyň günbataryndaky Hyrat welaýatynda içerden amala aşyrylan ýaly bolup görünýän hüjümde NATO-nyň liderligindäki Rezolýusiýa goldaw missiýasynyň bir esgeri öldürildi we başga-da iki sanysy ýaralandy.

NATO missiýasynyň Kabuldaky baş edarasynyň ýaýradan beýanatyna görä, “başlangyç maglumatlar hüjümiň owgan howpsuzlyk güýçleriniň agzasy tarapyndan amala aşyrylandygyny görkezýär”.

Çeh harbylary wakada ölen we ýaralanan üç esgeriň Çehiýa respublikasyndandygyny mälim etdi. Beýanatda iki esgeriň Bagram harby keselhanasyna alnyp gidilendigi we olaryň ýaralarynyň ölüm howply däldigi aýdylýar.

“Talyban” topary email arkaly ýaýradan beýanatynda hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.

Bu owgan esgerleriniň öz ýaraglaryny bile işleşýän halkara harbylaryna gönükdirmegi bilen baglanyşykly amala aşyrylan ençeme hüjümiň iň soňkusydyr.

XS
SM
MD
LG