Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda ABŞ bilen Türkmenistanyň arasynda nobatdaky konsultasiýalar geçirilýär


Emiliýa Puma
Emiliýa Puma

25-nji oktýabrda Aşgabatda Birleşen Ştatlary bilen Türkmenistanyň arasynda ikitaraplaýyn ýyllyk geňeşmeleri başlandy. Birleşen Ştatlaryň wekiliýetine Döwlet departamentiniň orunbasarynyň Merkezi Aziýa we Günorta Aziýa boýunça kömekçisiniň wezipesini ýerine ýetiriji Emiliýa Puma ýolbaşçylyk edýär.

Resmi türkmen maglumatyna görä, gepleşikleriň gün tertibine döwletara hyzmatdaşlygyň esasy meseleleri, şol sanda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny hem-de ynsanperwer ulgamdaky özara gatnaşyklary giňeltmek, durmuş we medeni gatnaşyklary ösdürmek hem-de adam hukuklarynyň goralmagyny üpjün etmek bilen bagly meseleler girizilipdir.

Şol bir wagtda, türkmen mediasy adam hukuklary meselesinde edilen anyk gürrüňler barada hiç hili maglumat bermeýär. Bellesek, Türkmenistan adam hukuklaryny, söz azatlygyny bozmakda tankytlanyp gelýär.

Iki ýurduň wekilleriniň arasynda ýyllyk konsultasiýalary geçirmek tejribesi 2009-njy ýylda ýola goýuldy.

XS
SM
MD
LG