Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýanyň ýadro ylalaşygyny saklap galmak boýunça BMG-de ses berilişigi gurnamak tagallalary netije bermedi


Russiýanyň ýaraglara gözegçilik etmek boýunça ýokary derejeli resmisi Andreý Belousow.
Russiýanyň ýaraglara gözegçilik etmek boýunça ýokary derejeli resmisi Andreý Belousow.

Russiýanyň 1987-nji ýylda baglaşylan ýadro ýaraglary ylalaşygyny öz güýjünde saklap galmak ugrunda debaty gurnamak synanyşyklary netijesiz tamamlandy. Mundan öň, ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bu ylalaşykdan çykjakdygyny aýdypdy.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýaragsyzlandyrma komiteti bu meseläni BMG-niň gün tertibine getirmek taslamasyna garşy ses berdi. Ses berilişikde 55 döwlet Russiýanyň hödürlän taslamasyna garşy çykdy, 31-i goldady, 54-si hem ses bermekden saklandy.

ABŞ-nyň Ýaragsyzlandyrma Konferensiýasyndaky ilçisi Robert Wood rus taslamasynyň “çenden aşa syýalaşdyrylandygy” we onuň 18-nji oktýabr soňky möhletden soň hödürlenendigi üçin ret edilendigini aýtdy.

Russiýanyň ýaraglara gözegçilik etmek boýunça ýokary derejeli resmisi Andreý Belousow ses berilişige düşünmeýändigini aýtdy. Ol ses bermekden saklanan döwletleriň köpüsiniň “ýadro ýaragsyzlandyrmany goldaýandygyny”, şeýle-de oňa garşy ses berenleriň aglabasynyň ýadro ýaraglary ylalaşygynyň saklanyp galmagynyň tarapynda çykyş edýändigini öňe sürdi.

BMG-niň diplomatynyň AP habar agentligine beren maglumatyna görä, Ýewropa Bileleşigi we NATO döwletleri bu taslama garşy çykyp, beýleki ýurtlary hem – Russiýa-ABŞ dartgynlylygynyň has-da möwjemeginiň öňüni almak we gepleşikleriň üsti bilen çözgüdi tapmak üçin – ses bermekden saklanmaga çagyrypdyrlar.

XS
SM
MD
LG