Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Gandagarda yza süýşürilen parlament saýlawlary geçirilýär


Gandagrda 550 müň owgan raýatynyň ses bermegine garaşylýar.

Owganystanyň günortasyndaky Gandagar welaýatynda parlament saýlawlary geçirilýär. Milli saýlawlar ýurduň 34 welaýatynyň 32-sinde mundan bir hepde ozal başlanypdy.

Gandagarda ses berilişiginiň yza süýşürilmegine welaýatyň täsirli polisiýa başlygy general Abdul Razikiniň “Talyban” jeňçileri tarapyndan – planlaşdyrylan saýlawlara iki gün galanda – öldürilmegi sebäp bolupdy.

Razikiniň Gandagarda asudalygy saklamakda esasy roly oýnandygy bellenipdi. Ýatlatsak, “Talyban” hereketi hut Gandagarda esaslandyrylypdy.

Polisiýa başlygynyň öldürilmegi tutuş ýurt boýunça garaşylmadyk ýagdaý boldy.

Resmiler ruhdan düşen ses berijilere goltgy bermek üçin sebite müňlerçe esgeriň ýollanandygyny aýtdylar.

Gandagrda 550 müň owgan raýatynyň ses bermegine garaşylýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG