Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ermeni parlamentinde Paşiniýanyň kandidaturasy ýene-de hödürlendi


Nikol Paşiniýan
Nikol Paşiniýan

Ermenistanyň premýer-ministriniň wezipesini ýerine ýetirijisi Nikol Paşiniýanyň parlament fraksiýasy şu hepdäniň dowamynda eýýäm ikinji gezek onuň kandidaturasyny ýurduň iň ýokary wezipesine hödürledi.

"Bu parlamentiň dargadylyp, irki saýlawlaryň geçirilmegi üçin edilen taktiki ädim boldy" diýip, Paşiniýanyň kandidaturasyny hödürlän Yelk fraksiýasynyň lideri Lena Nazariýan Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Ozalky oppozisiýa syýasatçysy Paşiniýan maý aýynda häkimiýet başyna geçipdi. Mundan öň, ençeme hepdeläp dowam eden köçe protestleriniň netijesinde uzak wagtlap häkimiýet başynda bolan, Ermenistanyň Respublikan Partiýasynyň agzasy Serž Sarkisýan wezipesinden çekilipdi.

Häzir Ermenistanyň Respublikan Partiýasy ýurduň parlamentindäki orunlaryň aglabasyna eýedir. Paşiniýan irki saýlawlary geçirip, bu ýagdaýlary üýtgetmegi maksat edinýär.

Paşiniýan 16-njy oktýabrda wezipesinden çekilipdi.

XS
SM
MD
LG