Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan güýçleri basylyp alnan etraplary ele geçirmekde “kynçylyklary çekýär”


Owgan polisiýasy.
Owgan polisiýasy.

Owgan hökümeti “Talybanyň” ele geçiren etraplaryny yzyna almakda kynçylyklary çekýär, şeýle-de owgan howpsuzlyk güýçleriniň hataryndaky ýitgiler rekord derejä ýetdi diýip, ABŞ hökümetiniň gözegçi topary belleýär.

Owganystanyň Rekonstruksiýasy boýunça Ýörite Baş Inspektory, ýagny SIGAR edarasy özüniň soňky çärýek hasabatyny ýaýratdy.

Hasabatda “Talybanyň” dowamly hüjümlerine garamazdan, jeňçileriň welaýat merkezlerini ele geçirip bilmändigi, emma, şol bir wagtda olaryň ýurduň uly bölegine gözegçilik edýändigi bellenilýär.

XS
SM
MD
LG