Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Erdogan Haşoggini öldürmek buýrugynyň saud hökümetiniň “iň ýokary derejelerinden” berlendigini aýdýar


Erdogan Haşoggini öldürmek buýrugynyň saud hökümetiniň “iň ýokary derejelerinden” berlendigini aýdýar.
Erdogan Haşoggini öldürmek buýrugynyň saud hökümetiniň “iň ýokary derejelerinden” berlendigini aýdýar.

Türk prezidenti Rejep Taýyp Erdogan saudly oppozision žurnalist Jamal Haşoggini öldürmek buýrugynyň saud hökümetiniň “iň ýokarky derejelerinden çykandygyny” aýtdy, ýöne patyşanyň özüniň bu işe dahyllydygyna ynanmaýandygyny öňe sürdi.

Türk lideri 2-nji noýabrda “The Washington Post” gazetinde çykan makalasynda öz ýurdunyň Stambuldaky saud konsullygynyň içinde öldürilen žurnalist bilen bagly ýagdaýlary aýan etmek üçin elde baryny edendigini nygtady.

“Netijede, Haşogginiň jellatlar topary tarapyndan zalymlyk bilen öldürilendigi dünýä aýan boldy, onuň öldürilmeginiň öňünden planlaşdyrylandygy belli edildi” diýip, Erdogan ýazdy.

Riýad patyşalygy dolandyrýan maşgalanyň bu ganhorlyga gatnaşandygyny ret edýär we bu işde “bozuk” agentleri günäleýär.

Emma tussag edilen 18 adam iş ýüzünde ýurdy dolandyrýan şazada Muhammad bin Salman bilen baglanyşykly adamlar bolup durýar.

XS
SM
MD
LG