Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsürde hristiýanlara hüjüm etmekde şübhelenýän jeňçiler ‘öldürildi’


Müsüriň goptik hristiýanlary ýurduň ilatynyň 6-10%-ni düzýärler.
Müsüriň goptik hristiýanlary ýurduň ilatynyň 6-10%-ni düzýärler.

Müsürde goptik hristiýanlaryna edilen hüjüme jogapkär bolmakda güman edilýän 19 jeňçi öldürildi diýip, ýurduň Içeri işler ministrligi mälim etdi.

2-nji noýabrda çöllükdäki bir kilisä zyýarata barýan goptik hristiýanlaryna edilen hüjümde ýedi adam öldürilip, 19-sy hem ýaralanypdy.

Ministrlik jeňçileriň Minýa welaýatynyň günbataryndaky gaçybatalgalarynda tapylandygyny we olar bilen ok atyşygyň ýüze çykandygyny aýtdy.

“Yslam döwleti” ekstremistik topary hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.

Müsüriň goptik hristiýanlary jemgyýetiniň taryhy 2 müň töweregi ýyly özünde jemläp, olar ýurduň ilatynyň 6-10%-ni düzýärler.

“Yslam döwleti” jeňçileri we onuň bilen ilteşikli beýleki söweşiji toparlar goptik hristiýanlaryna garşy amala aşyrylan hüjümleriň ençemesiniň jogapkäçiligini öz üstlerine alypdylar.

XS
SM
MD
LG