Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Twitter radikal ruhanynyň hasabyny togtatdy


Tehreek-e-Labbaik partiýasynyň lideri Khadim Hussain Rizwi.
Tehreek-e-Labbaik partiýasynyň lideri Khadim Hussain Rizwi.

Twitter Pakistanda dine dil ýetirmekde aýyplanyp ölüm jezasyna höküm edilen hristiýan aýalynyň aklanmagy netijesinde ýurduň Ýokary suduna, premýer-ministrine we harbylaryna garşy öjükdiriji çagyryşlary eden ýerli radikal ruhanysynyň hasabyny togtatdy diýip, pakistan hökümeti maglumat berdi.

Pakistanyň Telekomunikasiýalar boýunça edarasy Twitterden ruhana Khadim Hussain Rizwiniň hasabyny togtatmagy haýyş edendigini mälim etdi. Rizwiniň Tehreek-e-Labbaik partiýasy Bibä çykarylan höküm ýatyrylyndan soň, üç günläp ýollary petikläpdiler we hökümi ýatyran kazylara haýbat atypdylar.

Pakistan resmileri Rizwiniň ölüm çagyryşlary bilen “ýigrenji we gazaplylygy” döredendigini aýtdylar.

Twitter bu waka boýunça häzirlikçe beýanat bilen çykyş etmedi.

Geçen hepde suduň kararyna garşy protestleri gurnan we oňa gatnaşan ýüzlerçe adama garşy jenaýat işleri hem gozgaldy.

Dört çaganyň ejesi, 54 ýaşly Bibi 2010-njy ýylda, hamana, Muhammet Pygambere dil ýetirmekde aýyplanyp ölüm jezasyna höküm edilipdi. Ýokary sud 31-nji oktýabrda oňa çykarylan hökümi ýatyrdy we azatlyga goýberdi. Bibi özüne bildirilen aýyplamalary ret edipdi.

XS
SM
MD
LG