Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda Türkiýäniň prezidentiniň 'öňde duran sapary maslahatlaşyldy'


Aşgabatda türk, türkmen we azeri DIM-leriniň baştutanlarynyň duşuşygyny geçirmek maslahatlaşyldy.
Aşgabatda türk, türkmen we azeri DIM-leriniň baştutanlarynyň duşuşygyny geçirmek maslahatlaşyldy.

9-njy noýabrda Türkmenistanyň DIM-inde Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglunyň ýolbaşçylygyndaky delegasiýa bilen duşuşyk geçirildi.

“Anadolu” habar agentliginiň türk ministrine salgylanyp ýazmagyna görä, Çawuşoglu türkmen kärdeşi Reşit Meredow bilen “Ýüpek ýoluny” dikeltmek, demirýol gurmak, Transhazar geçirijisini gurup, türkmen gazyny ýewropa bazarlaryna çykarmak mümkinçilikleri barada maslahat edipdir.

Şeýle-de, Çawuşoglu türkmen kärdeşi bilen Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdoganyň Türkmenistana etjek sapary; türk, türkmen we azeri DIM-leriniň baştutanlarynyň üçtaraply duşuşygyny geçirmek barada maslahat edendigini aýtdy.

Türkmen DIM-niň saýty bu duşuşykda taraplaryň diňe söwda-ykdysady, ulag, energetika hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyklary giňeltmek boýunça maslahat edendigini, iki ýurduň DIM-leriniň arasynda 2019–2020-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmegiň maksatnamasyna gol çekilendigini habar bermek bilen çäklendi.

XS
SM
MD
LG