Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dünýä liderler Parižde I Jahan urşunyň soňlanmagynyň 100 ýyllygyny belleýär


70 çemesi döwlet we hökümet ýolbaşçysy I Jahan urşunyň soňlanmagynyň 100 ýyllygyny bellemegä gatnaşýar.
70 çemesi döwlet we hökümet ýolbaşçysy I Jahan urşunyň soňlanmagynyň 100 ýyllygyny bellemegä gatnaşýar.

Onlarça dünýä lideri Parižde I Jahan urşunyň soňlanmagynyň 100 ýyllygyna bagyşlanan ýatlama çärelerine gatnaşýar.

1918-nji ýylyň 11-nji noýabrynda dört ýyla çeken we azyndan 10 million esgeriň, millionlarça asuda adamyň ölümine getiren uruş soňlanyp, ýarag sesleri kesildi.

Fransuz prezidenti Emmanuel Makron we 70 çemesi döwlet we hökümet ýolbaşçysy, şol sanda ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp, rus prezidenti Wladimir Putin, german kansleri Angela Merkel – aram ýagýan ýagyş astynda näbelli esgeriň jaýlanan ýerindäki ýadygärligiň ýanynda toplandy.

Trampyň Ýeliseý meýdançasyndaky ýadygärlige gelýän wagtynda bir çyplaň protestçi polisiýa saklaýança oňa tarap ylgady. Bu hadysadan düşürilen suratlarda ol adamyň bedeninde “galp parahatçylyk dörediji” diýen ýazgynyň bardygy görünýär.

10-njy noýabrda sapara gelen liderler üçin berlen nahar wagtynda Makron parahatçylygyň hemişelik berlen zat hökmünde kabul edilmeli däldigini duýdurdy.

XS
SM
MD
LG