Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Owganystanda çaknyşyklarda onlarça adam öldürildi


Owgan esgeri Gazni-Paktika magistral ýoluna gözegçilik edýär. Arhiw suraty.

Owganystanyň Gazni welaýatynda jeňçiler bilen ýüze çaknyşykda parahat ilatyň arasyndan 15 adam we owgan howpsuzlyk güýçleriniň hataryndan 10 adam öldi.

“Talbyan” jeňçileri aglaba şaýy etniki hazaralaryň ýaşaýan Jaghori etrabynda 7-nji noýabrda hüjüm edipdiler.

Merkezi hökümet ýerli güýçlere goldaw hökmünde özüniň ýokary taýýarlykly harby toparyny ýollady.

Ýerli polisiýa resmisi ýekşenbe güni howpsuzlyk güýçleriniň hataryndan dört gullukçynyň hem ýaralanandygyny habar berdi.

Şol bir wagtda, ýurduň beýleki bir künjeginde, ýagny demirgazyk Baglan welaýatynda “Talyban” jeňçileriniň hüjümi netijesinde howpsuzlyk güýçleriniň we ýerli ilatyň arasyndan azyndan 14 adam heläk boldy, sekizsi hem ýaralandy.

Bu aralykda, ABŞ-nyň ýörite wekili Zalmaý Khalilzad “Talybany” parahat gepleşiklerine çekmek ugrunda täze gepleşikleri geçirmäge taýýarlyk görýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG