Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow ýurda syýahatçylary çekmegi tabşyrdy


Prezident Berdimuhamedow “syýahatçylaryň sanyny artdyrmak üçin ähli şertleriň bardygyny” aýtdy.
Prezident Berdimuhamedow “syýahatçylaryň sanyny artdyrmak üçin ähli şertleriň bardygyny” aýtdy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow dünýäniň iň bir ýapyk ýurtlarynyň biri hökmünde häsiýetlendirilýän Türkmenistana gelýän syýahatçylaryň sanyny artdyrmagy tabşyrdy.

Berdimuhamedow duşenbe güni geçirilen wideoşekilli iş maslahatynyň dowamynda “syýahatçylyk hyzmatlary bazarynda täze gyzykly teklipleriň we hyzmatlaryň bolmalydygyna” ünsi çekipdir.

Ol “syýahatçylaryň sanyny artdyrmak üçin ähli şertleriň bardygyny” aýdyp, “jahankeşdeleri çekmek, daşary ýurtlarda Türkmenistanyň medeni-taryhy mirasyny we tebigy gözelliklerini giňden ýaýmak boýunça işleri guramagy” tabşyrypdyr.

Türkmenistan dünýäniň iň bir ýapyk ýurtlarynyň biri bolmagynda galýar. Türkmen wizasyny almak hem degişlilikde kyn bolup, muny diňe Türkmenistanyň lisenziýa beren syýahatçylyk kärhanalarynyň üsti bilen amal edip bolýar.

XS
SM
MD
LG