Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistanda rus harby bazasyna hüjümi planlaşdyrmakda aýyplanýanlar ele salyndy


Täjik howpsuzlyk gulluklary rus harby bazasyna hüjümi planlaşdyrmakda aýyplanýanlary sorag edýär.
Täjik howpsuzlyk gulluklary rus harby bazasyna hüjümi planlaşdyrmakda aýyplanýanlary sorag edýär.

Täjigistanyň Milli Howpsuzlyk boýunça Döwlet Komiteti, ýagny KDAM Duşenbedäki rus harby bazasyna hüjümi planlaşdyrmakda şübhelenýän 12 adamyň tussag edilendigini mälim etdi. Mundan öň, täjik resmileri bu maglumatlary ret edipdiler.

KDAM-yň metbugat wekili Dilşod Abdualimow mundan bir gün öň Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugynda peýda bolan maglumatyň dogrudygyny tassyklady.

Azatlyk Radiosy, howpsuzlyk gulluklaryndaky ýakyn çeşmelerine salgylanyp, 4-nji noýabrda Duşenbedäki rus harby bazasynyň golaýynda “Yslam döwleti” ekstremistik toparynyň agzalary bolmakda şübhelenip 12 adamyň ele salnandygy barada makala çap edipdi.

Makalada topara Duşenbäniň golaýyndaky Wahdat şäherinden bolan Suhrob atly bir adamyň ýolbaşçylyk edendigi aýdyldy. Onuň Ýakyn Gündogarda “Yslam döwleti” toparynyň jeňçileriniň hatarynda söweşendigi çaklanylýar.

Ilki başda, Abdualimow Azatlyk Radiosyna bu maglumatlaryň hakykata bap gelmeýändigni aýdypdy. Emma, aradan bir salym geçenden soň, ol şol pursat özünde “anyk maglumatlaryň” bolmandygyny aýdyp, Azatlyk Radiosynyň beren habaryny tassyklady.

Täjigistanda, has takygy Duşenbede, Kulobda we Kurgon-Teppede Russiýanyň üç harby bazasy ýerleşip, olarda 7 müň töweregi rus esgeri gulluk geçýär.

Täjik hökümeti “Yslam döwleti” ekstremistik toparynyň hatarynda söweşmek üçin 1 müňden gowrak täjigistanlygynyň Siriýa we Yraga gidendigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG