Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystan. Farah welaýatynda jeňçiler polisiýanyň we goşunyň 38 agzasyny öldürdiler


Farah welaýatyndaky söweşde hatardan çykan harby maşyn. 16-njy maý, 2018 ý.
Farah welaýatyndaky söweşde hatardan çykan harby maşyn. 16-njy maý, 2018 ý.

“Talyban” pitneçileri ýurduň howpsuzlyk güýçlerine garşy möwjeýän hüjümleriň çäginde Owganystanyň günbataryndaky Farah welaýatynda polisiýanyň we goşunyň bilelikdäki bazasyna hüjüm edip, azyndan 38 ofiseri we esgeri öldürdiler.

Welaýat geňeşiniň agzasy Haýr Mohammad Nurzaý dpa habar gullugy bilen söhbetdeşlikde dört sagada çeken hüjümiň 15-nji noýabrda, ir sagatlarda amala aşyrylandygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, bilelikdäki bazada ýerleşdirilen esgerleriň we polisiýa ofiserleriniň hemmesi diýen ýaly öldürildi.

Kabully deputat Samiullah Samim “Associated Press” bilen söhbetdeşlikde howa zarbalary netijesinde talyban hüjümçileriniň 17-siniň öldürilendigini, emma köpüsiniň gaçyp gutulandgyny gürrüň berdi.

“Talybanyň” sözçüsi hüjümiň jogapkärçiligini öz üstlerine aldy we 80 çemesi ýaragy, birnäçe awtoulagy ele geçirendiklerini aýtdy.

XS
SM
MD
LG