Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistanda täze elektrik desgasy işe girizildi


Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon Roghun stansiýasyny işe girizýär. 16-njy noýabr, 2018 ý.
Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon Roghun stansiýasyny işe girizýär. 16-njy noýabr, 2018 ý.

Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon täze gidroelektrik stansiýasyny işe girizdi. Bu proýekte goňşy Özbegistanyň ozalky lideri Yslam Kerimow uzak ýyllaryň dowamynda garşy çykyp gelipdi.

Rahmon Roghun stansiýasynyň açylyş dabarasynda degişli gyzyl düwmä basyp, desganyň planlaşdyrylan başky alty trubinasynyň ilkinjisini işe girizdi.

Ýurduň günortasynda geçirilen bu çärä beýleki täjik resmileri bilen birlikde, daşary ýurtly myhmanlary hem gatnaşdylar.

Duşenbe Wakhş derýasynyň boýunda bina edilen 3.9 milliard dollarlyk bu desga arkaly ýurdy dolulygyna energiýa bilen üpjün etmegi, şeýle-de togy goňşy Owganystana, Pakistana we Özbegistana akdyrmagy maksat edinýär.

Bu desganyň düýbi baryp 1970-nji ýyllarda tululypdy. Emma, 1991-nji ýylda Sowet Soýuzy dargandan soň, ondaky alnyp barylýan işler hem togtadylypdy.

Desganyň gurluşygyna 2016-njy ýylyň oktýabrynda, öňki özbek prezidenti Yslam Kerimowyň ölüminden iki aý çemesi wagt geçenden soň, gaýtadan girişilipdi.

Kerimow bu desganyň netijesinde Özbegistanyň pagta meýdanlaryna gelýän suwuň mukdarynyň azaljakdygyny aýdyp, onuň bina edilmegine aýak diräp gelipdi.

XS
SM
MD
LG