Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pompeo Ukrainanyň “Birleşen Ştatlardan başga beýik dostunyň ýokdugyny” aýtdy


ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo (Mike Pompeo)
ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo (Mike Pompeo)

ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo (Mike Pompeo) Ukrainanyň “Birleşen Ştatlardan başga beýik dostunyň ýokdugyny” aýtdy.

Pompeo bu barada Waşingtonda Ukrainanyň daşary işler ministri Pawlo Klimkin bilen geçiren gepleşiklerinden soň çykyş eti.

“Birleşen Ştatlary Russiýanyň Krymy anneksiýa etmek synanyşyklaryny hiç haçan kabul etmez” diýip, Pompeo belledi.

Russiýa 2014-nji ýylyň martynda Krymy basyp alypdy. Mundan bir aý soň, Moskwa Ukrainanyň gündogaryndaky separatistlere goldaw berip başlady. Bu konfliktde 10 müň 300 töweregi adam heläk boldy.

Pompeo bilen Klimkin ABŞ bilen Ukrainanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk jarnamasynyň 10-njy ýyl dönümine gabatlap duşuşdylar.

Pompeo gepleşikleriň dowamynda ençeme, şol sanda howpsuzlyk we rus agressiýasyna garşy durmak meselesi boýunça hem öňegidişlikleriň gazanylandygyny mälim etdi.

Pompeo iki diplomatyň “Demirgazyk Akym 2” gazgeçiriji proýektiniň ilerlemeginiň öňüni almak tagallalaryny hem maslahat edendiklerini aýtdy. Ol: “[bu proýekt] Ukrainanyň ykdysadyýetine we strategiki howpsuzlygyna howp abandyrýar. Şeýle-de, bu rus gazyna garaşly Ýewropa ýurtlarynyň özygtyýarlylygyna wehim salýar” diýdi.

“Demirgazyk Akym 2” proýekti häzirki bar bolan “Demirgazyk Akym” gazgeçiriji proýetkine goşmaça bolup, ol rus gazyny Baltik deňziniň düýbünden Germaniýa akdyrmaga mümkinçilik berer.

ABŞ, Polşa, Baltik döwletleri we ÝB-niň käbir agzalary Ukrainanyň bar bolan geçirijilerinden sowa geçýän bu proýekte alada bildirdiler.

Klimkin “rus agressiýasyna garşy durmakda, ABŞ-nyň we Ukrainanyň egin-egne hereket edýändiklerini” aýtdy.

Mundanam başga, Klimkin ABŞ-nyň Ukrainanyň goranmak mümkinçiliklerini artdyrmak ugrundaky berýän goldawyna minnetdarlyk bildirdi.

Waşington beýleki serişdeler bilen bir hatarda, Kiýewi tanklara garşy Jawelin ulgamy bilen hem üpjün etdi.

XS
SM
MD
LG