Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çeçenistanda janyndan geçen aýal polisiýa nokadyna hüjüm etdi


Grozny. Polisiýa nokadyna edilen hüjümden soňky pursat.
Grozny. Polisiýa nokadyna edilen hüjümden soňky pursat.

Çeçenistanyň paýtagty Groznydaky polisiýa barlag nokadynyň golaýynda bir aýal özüni partlatdy.

Polisiýa 17-nji noýabrda bolan hadysada bombaçynyň özüniň ölendigini, emma başga adamyň ýaralanmandygyny aýtdy.

Çeçen polisiýasynyň iş başyndaky başlygy Apti Alaudinow Orsýetiň “Novosti” habar agentligine ol aýalyň bolşunyň polisiýada şübhe döredendigini gürrüň berdi. Haçanda polisiýa bu zenanyň dokumentlerini soranda, onda partlaýjy enjamyň bardygyny gördi we derrew oka tutdy diýip, ol aýtdy.

Orsýet Çeçenistandaky separatistlere garşy 1990-njy ýyllarda we 2000-nji ýyllaryň başynda iki gezek uruşdy.

Demirgazyk Kawkaz respublikasyndaky adatdan daşary ýagdaý düzgüni 2009-njy ýylda ýatyryldy.

XS
SM
MD
LG