Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp Pakistanyň “biziň üçin sähelçe-de iş etmändigini” aýtdy


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Pakistany “biziň üçin sähelçe-de iş etmezlikde” aýyplap, öz administrasiýanyň Yslamabada beren ýüzlerçe million dollarlyk kömegini kesmegini gorap çykyş etdi.

Şu ýylyň dowamynda Tramp Pakistana berilýän maliýe hemaýatyndan umumy hasapda 800 million dollary kesipdi. Tramp Pakistanyň öz serhet çäklerinde owgan “Talybanynyň” we “Hakkani” toparynyň howpsuz ýagdaýda ýaşaýan sebitlerini ýok etmekde ýeterlik iş etmändigini aýtdy.

“Fox News” telekanalyna beren interwýusynda Tramp Pakistanyň “Al-Kaýda” terrorçylyk toparynyň ýolbaşçysy Osama bin Ladeni gizlemäge hemaýat berendigini aýtdy. Bin Laden 2011-nji ýylda ABŞ-nyň ýörite güýçleri tarapyndan Pakistanyň Abbottabad şäherinde öldürilipdi. Şol pursat bin Laden Pakistanyň iň bir abraýly harby akademiýasynyň golaýynda gizlenýärdi.

Mundan öň, Tramp özüniň Twitter hasabynda “ABŞ-nyň soňky 15 ýylyň dowamynda samsyklyk edip, Pakistana 33 milliarddan hem aşa dollary berendigini, olaryň bolsa munuň öwezine ýalandan we aldawdan başga hiç zat bermändigini” aýdyp, ýazgy galdyrypdy.

XS
SM
MD
LG