Hytaý polisiýasy demirgazyk-gündogar Hytaýda mekdebiň işigindäki çagalaryň üstünden maşyn sürüp, azyndan 5 çagany öldüren, 18 çagany ýaralan sürüjini tussag etdi diýip, döwlet mediasy 22-nji noýabrda habar berdi.
Bu waka Liaoning welaýatynyň Huludao şäherinde boldy.
Sürüjiniň beýle herekete näme üçin baş goşandygy mälim däl, “Roýters” habar gullugy ýerli polisiýadan we häkimiýetlerden düşündiriş alyp bilmedi.
Sosial mediada peýda bolan, emma tassyklanylmadyk wideolar maşynyň ýoldan ters tarapa öwrülişini we çagalaryň üstüne barşyny görkezýär.
Hytaýda çynlakaý ýol-köçe hadyslary köp bolýar. Şu aýyň başynda Çongking welaýatynda bir sürüji ýolagçy bilen dawalaşandan soň, awtobus köprüden agdaryldy we azyndan 13 adam öldi.
Вакцинаны Хытай довлетинден алан болсалар говы боларды ,Турк доганларымыздан горелде алып ,шонда ялнышмарыс! Тебигы газымыз бн хасаплашып хем билердик! Хер бир затда Кремльин межбур эдени билен ,оларын диенини эдибермелими , онсузам 30(отуз) йыл туркмен халкыны косап гелйарлер,ягны олары адам хасабында гормани!